Ertekiler dünýäsinde
Paýtagtyň 72-nji çagalar bagynyň çagalary üçin bu gün üýtgeşik gün boldy – olara A.S.Puşkin adyndaky Döwlet drama teatrynyň artistleri myhman geldiler. Olar kiçijek tomaşaçylara sowgat hökmünde teatryň repertuaryndaky çagalar üçin iň gowy oýunlaryň birini – «Maşa we aýy» rus halk ertekisini getirdiler.
Söýgüli gahrymanlar, owadan reňkli bezegler, maýyl ediji saz – ähli hereket çagalar bagynyň meýdançasynda bolup geçýär. Howul-hara gurlan sahnada çagalaryň gurşawynda edilen çykyş aýratyn öwüşgin alýar. Ertekilerdäki keşpler-de olaryň rollaryny ýerine ýetirýän aktýorlaryň özleri ýaly, eýýäm çagalara tanyş.
Tomus möwsüminde A.S.Puşkin adyndaky Döwlet drama teatrynyň, Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri çagalar baglarynyň, diňe olaryňam däl, ýygy-ýygydan myhmany bolýarlar. Olar mekdep okuwçylarynyň tomus dynç alyşlaryny geçirýän Gökdere şäherindäki çagalar saglyk merkezlerinde (ÇSM) gastrolda bolýarlar. Welaýat teatr toparlary hem çagalar baglary we ÇSM-leri boýunça şunuň ýaly gastrollary giňden ulanýarlar.
Artistleriň aýtmagyna görä, «Gyzyl şyrdajyk», «Külçe», «Maşa we aýy», «Üç jojuk» ýaly meşhur ertekiler we söýgüli ýazyjylarynyň döreden, şeýle hem halk ertekileri hemişe-de çaga tomaşaçylaryň duýgularyny joşa getirýär.
– Ýaş tomaşaçylaryň şatlykdan doly we bilesigeliji nazarlary, olaryň şadyýan, şowhunly gülküleridir ýylgyryşlary, minnetdarlykly gaty el çarpyşmalary – bularyň bary sowgat edilen erteki üçin iň uly sylagdyr, – diýip, artistler belleýärler.
Jadyly oýunlar, olar bilen bilelikde bolsa Çagalar baglaryna we ÇSM iş sapary bilen aýlanýan Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleri-de çagalara şatlykdyr hezillik bagyş edýärler. Çaga tomaşaçylary çykyşlary elmydama şowhunly geçýän, çagalaryň söýgüsine mynasyp bolan we şadyýan garşylanýan masgarabazlar, darbazlar, žonglýorlar, baş öwrdijiler gyzyklandyrýarlar.
Çagalar teatr we sirk artistleri bilen täze duşuşyklara sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, öz gezeginde, olar-da bu duşuşyklara howlugýarlar we mümkin boldugyça köp çagalar toparyna baryp görmäge çalyşýarlar.
Tomus, onuň bilen birlikde bolsa artist gastrollary tamamlanýar. Emma duşuşyklar gutarmaýar. Çagalara-da, ululara-da öňde teatr we sirk möwsüminiň açylyşy garaşýar. Bu bolsa hä diýmän, artistleriň tomaşaçylaryny öz «öýlerinde» – teatrlaryň we sirkiň iň ajaýyp duýgular bark urýan professional sahnalarynda garşylajakdygyny aňladýar.