Aýna Jumaýewa
A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň döredijilik toparynyň muşdaklary Aýna Jumaýewany gowy tanaýandyrlar. Ol teatryň esasy artistleriniň biri. Aýna ilkinji gezek 2007-nji ýylda sahna çykypdy, şondan bäri ol spektakllaryň 35-sinde – ertekilerde, komediýalarda, dramalarda, özem aglaba, baş rollarda çykyş etdi. Oňa teatryň baş artisti diýse-de boljak, ýöne ol özüni «sahna ýyldyzy» saýmaýar, üstünligini bolsa işiniň şowlaýanlygy bilen düşündirýär.
Munuň bilen razylaşmasa bolar, sebäbi ol döredijilik işgärleriniň maşglasynda kemala geldi. Onuň ejesi Gülsere Jumaýewa
Türkmenistanyň at gazanan artisti, gurjak teatrynda işleýär. Aýna ejesiniň çykyş edýän her spektklyna barardy, adatça onuň ýanynda kakasy – ozalky opera aýdymçysy, häzir bolsa Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk ýörüte orta mekdebiniň wokal mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Hasan Jumaýew bolardy. Aýna Döwlet gurjak teatrynyň açylyşyna bagyşlanan dabarada türkmen ertekilerini iň söýgüli gahrymanlarynyň biri Ýartygulagyň keşbini döredendigine buýsanýar.
Aktýorlyk ukyby Aýnada heniz çaga döwri ýüze çykyp ugrady: ol çagalar bagynda geçirilýän çärelerde labyzly goşgy okaýşy, improwizasiýa we aýdym aýtmaga ökdeligi bilen tapawutlanýardy, soňra mekdebiň drama gurnagyna gatnady, ol nemes dilinde «Mähirlije gyz» («Zoluşka») spektaklynda öweý enäniň keşbini döredipdi, «Şatlyk» çagalar tans toparyna gatnaýardy. Sporta-da gatnaşyp gördi, gimnastika bilen meşgullandy, ýöne teatra höwesi güýçli çykdy.
Orta mekdebi tamamlandan soň 8 aý gurjak teatrynda işledi, «Çagaly öý – bazar» spektaklynda dawagär Okganyň keşbini döretdi. A.S. Puşkin adyndaky teatryň ýanynda mekdep-studiýanyň açylanyny eşidip, bagtyny synamakçy boldy. Resminamalary kabul etmek döwri geçen bolsa-da, Aýna kabul ediş toparyny özüni synap görmäge yrmagy başardy.
Giriş synagynda gülkünç bir waka boldy. Aýna Krylowyň «Möjek we Guzy» basnýasyny okady. Möjegiň Guza igesini sürtüp iňirdeýän pursadyny okanda, ol elini şeýle güýçli salgady weli, emin agzalarynyň käbiri ýerinden böküp turaýdy...
Emin agzalary:«Aktýorlyk zehini gowy! Okuwa almaly!» -- diýen netijä geldiler. Ol aktýorlyk ussatlygynyň esaslaryny öwrenmäge, repetisiýalara süňňi bilen berildi. Onuň ilkinji spektakly kiçi ýaşly çagalar üçin «Bulkajyk we Aždarha» ertekisidi, soňra «Maugli» spektalynda Möjek güjüginiň sözsüz , ýöne çeper plastikaly, dogumly keşbini döretdi. Bu işdäki üstünliginde režisýor Natalýa Laukertiň we horeograg Anatoliý Lubenesiň hyzmaty uludy. Soňra Boris Wasilýewiň belli «Ertesi uruş turupdy» powesti esasynda goýlan spektaklda çykyş etdi...
-Okuwa girenimden bir ýyl soň meni Moskwa, Teatr işgärleri birleşigine hünär ýokarlandyryş okuwyna iberdiler – diýip Aýna gürrüň berýär. – Bir aýyň dowamynda ekspress-maksatnama esasynda Russiýanyň teatr institutlatynyň esasy okuwyny geçdik we «Jazda diňe gyzlar» atly sazly spektakl goýduk. Men şonda bahasyna ýetip bolmajak sahna tejribesini aldym.
Iň halaýan işimmi? Çingiz Aýtmatowyň «Mukaddes toprak« powesti boýunça goýlan oýun. Men sahnada her dürli keşpleri döredýärin, ýöne maňa drama aktrisasynyň ampluasy has ýakyn. Her gezek işim tomaşaça ýararmyka diýip alada galýaryn, eger-de öz oýnum bilen tomaşaçylarda dürli duýgylary oýaryp, olaryň ýüregine täsir edip bilenligimi, biziň gürrüň berýän wakamyzyň, goý, ynanardan daş bolsa-da, onuň – durmuşdan alnandygyny we durmuş hakdadygyny tomaşaça ýetirip bilsem, ylhamym joşup, özümi bagtly duýýaryn.
«Arşyn mal alan» sazly spektaklyny taýýarlamak hem gyzykly, hem çylşyrymly boldy, oýunda özümiz aýdym aýtmalydyk. Şonda kakam gowy kömek etdi, ol sesimi sazlamagy we intonasiýalary ýerinde ulanmagy öwretdi. «Arşyn mal alan» spektaklyndaky Gülçehräniň keşbi üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilik işgärleriniň arasynda yglan eden bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldum.
Meniň döredijilik terjimehalymdaky ýene bir ýatdan çykmajak iş –nemes režisýory Ahim Torwaldyň goýan «Hilegärlik we söýgi» spektakly. Ol biziň aktýorlyk ussatlygy we sahna mümkinçiligi barada düşünjämizi artdyrdy. Onuň halkara görnüşi ajap boldy, Ahim Torwaldyň özi nemes dilinde onuň alyhezretleriniň roluny, teatryň çeper ýolbaşçysy Aşyrmuhammet Rahmanow öz roluny türkmençe, beýleki artistler – rus dilinde ýerine ýetiripdiler.
Wysal bolmadyk arzuwymmy? Şekspiriň Julýettasy.
Aýna Jumaýewanyň täze işeriniň biri-de Mihail Sebastýanyň «Atsyz ýyldyz» spektaklynda Monanyň keşbidir. Rumyn ýazyjysynyň pýesasyndaky onuň gahrymany – ýokary gatlakdan owadan we lälik jenan, režisýor Natalýa Laukert onda geçen asyryň 30-njy ýyllarynda faşistik düzgüne eýeren Rumyniýada höküm süren ideologiýanyň pidasyny hem gördi.
-Baş gahrymany nusgawy keşpde görkezmäge endigim sebäpli men köp wagtlap režisýoryň konsepsiýasyna düşünmän gezdim. Ýöne Natalýa Laukerte uly hormatym rüstem geldi. Aktrýor ussatlygy – gahrymanyň ruhy dünýäsini açyp görkezmekden, onuň oý-pikirini we duýgylaryny beýan etmekden ybarat. Galyberse-de, men kärimizde pikirdeşligiň nämedigine gowy düşünýärin. Men baýlyga we bikärlige öwrenişen bolsa-da, beýlekileriň hatyrasyna özüni pida etmegi-de başarýan zenanyň gapma-garşylykly häsiýetli keşbini döretmäge syanyşdym.
Premýeradan soň ýanyma aktrisa Alýona Andronowanyň ogly geldi-de: «Siz mugallyma gaýdyp bararsyňyzmy?» -diýip sorady.
-Elbetde, men söz berdim-ä – diýip ony köşeşdirdim.
Men çagalar üçinspektakllarda çykyş etmegi halaýaryn. Çagalar sahnada görekzilýän zatlaryň ählisine şeýle bir ynanýarlar welin, öz sadalygy bilen aktýorlaram haýran edýärler. Mysal üçin, Astrahanda gastrolda wagtymyz «Böwenjik» spektaklynda baş gahryman owlajygy we taýhary ýuwdandan soň meniň oýnaýan güjügim sahna çykanda üýtgeşik bir waka boldy – çagalar maňa: «Git, gaç! Ol senem iýer!» -diýip gygyryşdylar. Maňa onsoň sahnanyň arkasyna geçäýmekden başga çykalga galmady. Şol çykyşymyzda güjükli sahnany aýyrmaly bolduk, ýaşajyk astrahanlylar bolsa, belki, güjüjegi horan Böwenjikden halas edip, ýagşy iş edendiris öýdendirler.
Sözsoňy ýerine. Aýnanyň okan Aşgabadyň 27-nji orta mekdebinde kärinde üstünlik gazanan uçurymlaryň Hormat tagtasy döredilýär. Mekdepde buýsanylýanlaryň arasynda Aýna Jumaýewa hem bar.