Magtymguly Gurbanow

Baýrakly orunlary eýelänlerde ýatdan çykmajak baýramçylyk duýgusyny döreden, aktýorlaryň we sahna sungaty muşdaklarynyň arasynda uly täsir galdyran «Türkmen teatr sungaty» festiwaly tamamlandy.

Redaksiýamyzyň adyndan «Köňül tary» spektaklynda Nury Halmämmedowyň keşbinde çykyş eden A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň aktýory «Iň gowy erkek keşbini döredenligi üçin» baýraga mynasyp bolan Magtymguly Gurbanowy tüýs ýürekden gutlaýar. Biz Magtymguly bilen duşuşanymyzda «Nädip aktýor bolduňyz?», «Aktýor ussatlygyny nirde öwrendiňiz?», « Nury Halmämmedowyň keşbini nädip döretdiňiz?» diýen sowallary oňa berdik.

– Döredijiligime berlen ýokary baha üçin özümi bagtyýar saýýaryn! – diýip ol özi barada gürrüňe başlady. – Göwnüme bolmasa, şu pursat üçin ýaşan ýaly! Men Tejende doguldym, ejem türkmen dili we edebiýaty mugallymy. Belki, şonuň üçindir, ikinji synpdakam goşgy ýazyp başladym. 2008-nji ýylda 16 ýaşymdakam Balkan welaýatynda, Magtymgulynyň dogduk ili Gerkezde geçirilen döredijilik bäsleşigine gatnaşyp, birinji ýere mynasyp boldum. Şonuň üçin hem öýdäkilere aktýor boljak diýsem, – hiç kim ynanmady.

Orta mekdebi tamamlap, Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň mekdep-studiýasyna okuwa girdim. Hossarlarym aklawjy, lukman, ykdysadyýetçi ýaly gowy kärler bar, şolary saýlaý diýse-de, diňe aktýor boljak diýip, diýenimi tutdum durdym. Şonda ejem öňüme döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny oklady. Men Harkowyň medeniýet akademiýasynyň drama we kino aktýory hünärini saýladym. «Ejem ahyrsoňy maňa ynandy!» diýip pikir etdim.

Harkowyň medeniýet akademiýasyna giriş synaglaryndan geçdim. Okan döwrüm Çingiz Aýtmatowyň «Çapgy ýassygy» we Fýodor Dostoýeskiniň «Jenaýat we jeza» spektakllarynda baş keşplerde çykyş etdim. Aşgabada diplomly geldim we Baş drama teatryna işe durdum.

Bu teatrda gowy aktýorar kän, şonuň üçinem maňa ýaramaz adamlaryň ýa-da baş gahrymanyň dostlarynyň keşbi ýetýärdi. «Hindi rowaýaty» spektakly goýlanda maňa baş gahrymanyň hyzmatkäriniň keşbini berdiler, ýogsa özboluşly sypatym üçin baş keşbem döredip biljekdim.

Bir gezek Puşkin adyndaky teatryň tomaşaçylar zalyna barýançam 6 ýyllap işledim ýördüm. Şu ýerdäki döredijilik ruhuň özüme ýakynlygyny duýup, bu ýerde galmagy ýüregime düwdüm. Dogram edipdirin, sebäbi 6 aýda baş keşpleriň ikisini – «Ähli Şekspir» ýumoristik spektaklda Romeonyň we «Köňül tary» spektaklynda Nury Halmämmedowyň keşbini döretmek miýesser etdi. Olar bir-birinden juda tapawutly keşplerdi, olaryň soňkusy üçin maňa «Iň gowy erkek adamyň keşbini döredenligi üçin» baýragy berildi. 

Aktýorlykdan daşary men dramaturgiýada-da özümi synaýaryn, eýýäm bir pýesamy komissiýanyň garamagyna berdim. Men aktýorlygy gowy görýärin, şonuň üçinem sahna çykýaryn.

A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRY