Lýubow Ýemelýanowa
M.Ý.Ýemelýanowa 1986-njy ýylyň 19-njy iýunynda Aşgabat şäherinde eneden dogulýar. 2002-nji ýylda Aşgabat şäherindäki 27-nji gimnaziýany tamamlaýar. 2003-nji ýylda 7-nji liseýi tamamlaýar. 2009-njy ýylda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň ýanyndaky 10 aý möhletli Teatr studiýasynda okaýar. Bilimi boýunça hünäri ― drama teatryň artisti. 2009-2014-nji ýyllar aralygynda “Art-ist” atly hususy teatrda işleýär. 2012-nji ýylda ussatlyk derejesini ösdürmek üçin L.Ýemelýanowa Russiýanyň Zwenigorod şäherine, Halkara teatr mekdebine gidýär. Ol ýerde meşhur rus artisti A.S.Kalýaginiň elinde tälim alýar. 2014-nji ýylda L.Ýemelýanowa A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda kömek beriji toparyň artist bolup işläp başlaýar. Häzir L.Ýemelýanowa teatryň 2-nji derejeli aktrisasy diýen dereje berildi.
Aktrisa L.Ýemelýanowa özüne tabşyrylan işlere örän jogapkärli çemeleşýär. Ussatlygyny artdyrmagyň üstünde irmän-ýadaman zähmet çekýär. Aktrisa teatryň sahnasynda ýigrimi töweregi ululy-kiçili köp taraply, bir-birine meňzemeýän häsiýetdäki keşpleri döretdi. Aktrisanyň zehini, başarnygy S.Belowyň “Naýbaşy ýigit“ spektaklyndaky Weranyň, Prosper Merimeniň “Ah, gara gözler“ spektaklyndaky Leýliniň, A.P.Çehowyň «Wodewil agşamy» spektaklyndaky Tatýananyň keşplerini mysal edip getirse bolar. Aktrisany kiçi nesliň wekilleri, ýagny, körpeje çagalar hem gowy tanaýarlar. Sebäbi, aktrisa çagalar bagy we mekdep ýaşly ýetginjekler üçin niýetlenen spektakllarda hem birnäçe ajaýyp, ýatda galyjy keşpleri döretdi.
Esasy iri keşpleriniň sanawy:
Wera S.Below “Naýbaşy ýigit”
Tylla G.Daňatarow, S.Nepesow “Biz hökman duşuşarys“
Tatýana A.P.Çehow “Wodewil agşamy”
Gyz U.Gadjibekowyň «Arşin mal alan»
Leýli P.Merime “Ah, gara gözler”
Tansçy gyz M.Hudaýgulyýew, A.Rahmanow “Ýüreklere ýol”
Şäher ýaşaýjysy W.Şekspir “Otello”
Gyz Ž.B.Molýer “Skapeniň sapalagy”
Zoýa M.Meýo, M.Enneken «Aldowçy»
Şäher ýaşaýjysy A.Rahmanow, Ý.Şşerbakowa “Awaza, söýgim meniň”
Owlajyk Türkmen halk ertekisi «Böwenjik»
Towşan Ş.Perro “Ädikli pişik”
Nif-nif S.Mihalkow “Üç jojujyk we çal möjek”
Jorasy M.Sadowskiý “Maşa we aýy”
Garakçy, köşk zenany Ý.Entin, W.Liwanow “Bremenli sazandalar