Larisa Kosonogowa
L.I.Kosonogowa 17.05.1971-nji ýylda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Murgap şäherçesinde eneden bolýar. 1989-1993-nji ýyllar aralygynda Marynyň Ý.Hummaýew adyndaky sazçylyk uçilişesinde okaýar. 1993-1994-nji ýyl aralygynda Marynyň mekdep internadynda saz mugallymy bolup işleýär. Şol ýyl ol Türkmenistanyň döwlet Medeniýet institutyna drama we kino aktýory bölümine okuwa girip, 1998-nji ýylda tamamlaýar. Instituty tamamlan ýyly L.Kosonogowa A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatryna işe kabul edilýär. Teatrda umumy işlän ýyly 30 ýyl.
Zehinli aktrisa L.Kosonogowa öz döredijilik işine örän jogapkärli çemeleşýär. Aktrisa hökmünde ol köp ugurly. Tetaryň sahnasynda 50 töweregi keşbi janlandyrmagy başardy. Onuň ýiti zehini has-da “Dul zenanlaryň gämisi” spektaklda Kapa Guşinanyň, “Bernardo Albanyň öýi” spektaklynda Bernardanyň keşbini janlandyranda açyldy. Aktrisany körpe tomaşaçylar hem gowy tanaýarlar.
2006-njy ýylda L.Kosonogowa ýokary derejeli artist derejesi berildi.
2010-njy ýylda L.Kosonogowa Türkmenistaynyň Prezidentinjiň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragynyň ýeňijisi boldy.
2015-nji ýylda L.Kosonogowa Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly at berildi.
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň
sahnasyndaky döreden iri keşipleriniň sanawy:
Belotelowa we Krasawina A.Ostrowskiý «Näme gözleseň, şony hem taparsyň» («Balzaminowyň öýlenişi»)
Lebedewa N.Ptuşkina «Gel-de alyp git»
Pinki М.Fermo «Bir üçegiň astynda»
Milisioner M.Mitrowiç “Gijäň ýarynda talanan”
Kapa Guşina I.Grekowa, P.Lungin «Dul zenanlaryň gämisi»
Hajar B.Abdyllaýew «Umytlaryň döreýän ýeri»
Laura we Ariana Klarens К.Manýe «Blez, ýada boýundaky alty zenan”
Bernarda F.G.Lorka «Bernardo Albanyň öýi»
Şahujahan B.Amanow «Zöhre we Tahyr »
Arina Panteleýmonowa N.W.Gogol «Öýlenmek»
Telegina S.Below “Naýbaşy ýigit”
Adile Dudu Rişat Nuri gün Tekin “Amanat giýew”
Tekle A.Sagareli “Hanuma”
Jahan U.Gadžibekow “Arşyn mal alan”
Hanym Miller F.Şiller “Betpällik we söýgi”
Natalýa Stepanowna A.Çehow “Öýlenmek”
Anna Andreýewna N.Gogol “Derňewçi”
Sylyjan hatynyň jorasy “Ýüreklere ýol”
Zoýa A.Wolodin “Bäş agşam”
Gyzy “Ruhnamadan rowaýatlar”
Şäherli zenan A.Galin “Sorry”
Galçiha A.Ostrowskiý “Günäsiz günäkärler”
Şäherli zenan W.Şekspir “Otello”
Dursun daýza G.Daňatarow, S.Nepesow «Pereňli»
Çagalar üçin spektakllar:
Enesi L.Stepanskaýa «Böwenjik»
Babariha А.S.Puşkin «Saltan şa barada erteki»
Žawotta we öweý ene Т.Gabbe «Külbikejik»
Beladonna I.Şulžik, Ý.Fridman «Funtik»
Tilki Gopbamja towşan
A.Inin “Batyr, akylly we goç ýigit”
Gara döw “Älemgoşaryň gaýdyp gelmegi”
Patyşanyň aýaly “Apçhi”
Frekinbok A.Lindgren “Körpe we Karlson”
Stepanida “Ýemelýanyň bagty”
Kaşeýiň ejesi “Owadan Wasilisa”
Oba ýaşaýjysy “Magtymguly”
Okaýjy “Güller Puşkin üçin”
Hatarçy esger “Ene kalby”