Biz barada

Türkmenistanyň A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry

Rus drama teatry L.Lonskoýyň ýolbaşçylyk etmeginde 1926-njy ýylyň oktýabr aýynda döredildi. Teatryň sahnasynda ilkinji gezek A.Ostrowskiniň “Haram pullar” eseri, teatryň baş režissýory W.Lukaşewiç tarapyndan sahnalaşdyryldy. Bellemeli ýeri, bu teatr orta Aziýadaky ilkinji rus teatrydyr. Ilkibaşdan teatr açylanda, onuň ýanynda studiýa döredilýar. Studiýany 1929-njy ýylda tamamlan artistler Mollanepes adyndaky milli teatryň ilkinji döredijilik toparynyň düzümini düzýär. Döredilen gününden bäri teatr Türkmenistanyň paýtagtynyň iň köp tomaşaçyly medeni merkezine öwrülýär. Rus dramaturgiýasynyň hormatyna, 1937-nji ýylda teatra beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň ady dakylýar. Teatr özüniň uzak döredijilik ýolunda üstünliklerem, şowsuzlyklaram başyndan geçirdi. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda teatryň artistleri konsert brigadalarynyň arasyna goşulyp, esgerleriň ruhuny galdyrmak, olaryň ýeňşe bolan ynamyny berkitmek üçin, konsert meýilnamalary bilen frontlarda çykyş etdiler. Teatrda dürli döwürerde W.Feodorow (1937-1940ýý.), N.Tekker (1940-1945ýý) režissýorlyk edýärler. 1945-nji ýyldan bolsa I.Gromow teatryň baş ýolbaşçylygyna bellenilýär. 1948-nji ýylda bolan aýylganç ýer titremesinden birnäçe aý soň, teatryň ymaratynyň abat galan 1-nji gatynda G.Muhtarowyň “Allan aganyň maşgalasy” oýny bilen 1948—1949-njy ýylyň teatr möwsümi öz işini dowam etdirýär. Bir az soň wagtdan teatryň täze jaýy gurlup, ulanylmaga berilýär. 1950-nji ýylyň ortalaryna, Puşkin teatry ýurdumyzyň çäginden daşda-da tanalyp başlanýar. 1955-nji ýylda Moskwada geçen “Türkmen edebiýatynyň we sungatynyň günlerinde”, Puşkin teatry özüniň iň gowy: A.Çehowyň “Üç uýa”, G.Muhtarowyň “Şadyýan myhman” we G.Seýitliýewiň “Jahan” oýunlaryny tomaşaçylara hödürleýär. Görkezilen oýunlar Moskwa metbugaty tarapyndan ýokary baha mynsyp bolýar. Teatra Türkmenistanyň onlarça belli režissýorlarydyr artistleri öz ömürlerini bagyş etdiler. 1960-njy we 1980-nji ýyllarda teatrda W.Aksenow, W.Regureskiý, Ýu.Şişkin, W.Karenkin, G.Nester ýaly zehinli režissýorlar işlediler. Teatr SSSR-iň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi M.Kirillow, TSSR-iň halk artistleri: L.Kotowşikow, G.Bobrowskiý, W.Berşanskiý, RSFSR-iň at gazanan artisti W.Krasnopolskiý, TSSR-iň at gazanan artistleri W.Ismaýylowa, G.Droşinskaýa, G.Gomanýuk, A.Arhangelskiý, O.Awetisow, G.Abramow, A.Konstantinow ýaly ajaýyp artistler toparyndan ybaratdy. F.Şilleriň “Tekepbirlik we söýgi”, W.Şekspiriň “şa Lir”, M.Gorkiniň “Goja”, M.Şolohowyň “Göterilen tarp” G.Goriniň “Gerostraty unutmak” atly oýunlar tetaryň kämildigine şaýatlyk edýär. Bu oýunlarda B.Burdeýna, W.Çirkowa, A.Kazakowa, A. Konstantinowa ýaly ajaýyp artistler ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdylar. Sahna hem-de egin-eşik bezegi işlerine nakgaşlar: TSSR-iň at gazanan sungat işgäri Ýe.Below, at gazanan medeniýet işgärleri B.Manakow, A.Dolgaşow dagylar öz zehinlerini siňdirdiler. Garaşsyzlyk ýyllary içinde teatr özüniň täze ösüş ýoluna gadam basdy. Bu ýyllar içinde 80-den gowrak sahna oýunlary, onlarça edebi-çeper kompozisiýalar tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirildi. Teatryň ösmegine onuň baş režissory, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi R.Ismailow örän uly rol oýnaýar. Ol teatryň sahnasynda öz söýgüli dramaturglary A.Ostrowskiniň “Özli özümiz, ylalaşarys-la”, “Gijigen söýgi”, “Agtaran tapar”; A.Kristiniň, R.Tomanyň “Wernýeniň öýüniň syry”, M.Fermonyň “Bir üçegiň astynda” ýaly ilhalar eserlerini goýup, tomaşaçylar köpçüligine hödürledi. 2005-nji ýylda teatra Türkmenistanyň halk artisti Ç.Işangulyýew ýolbaşçylyk edýär. Şol wagtlar goýlan I.Grekowyň, P.Lunginiň, russiýaly režisser G.Konstantinowyň sahnalaşdyrmagynda goýlan “Ýalňyzlaryň gämisi” atly oýny, ýurdumyňyz teatr durmuşynda uly waka boldy. 2007-nji ýylda, Ý.Bekiýewiň ýolbaşçylygynda teatr studiýasy açylýar. Studiýada häzirki döwürde tomaşaçylarymyzyň söýgüsini gazanan birnäçe zehinli artistler taýýarlanyp ýetişdirildi. Şol ýyl teatryň baş ýolbaşçylygyna bellenen A.Rahmanowyň baştutanlygynda teatryň taýýarlaýan spektakllarynyň sanawyna dünýä dramaturgiýasynyň nusgawy eserleri goşuldy. Olardan G.Lorkanyň «Bernardo Albanyň öýi», W.Şekspiriň «Otello», «Nadaranyň nogtalanyşy», A.Çehowyň «Wodewil agşamy», N.Ostrowskiniň «Günäsiz günäkärler» atly meşhur eserlerini ýatlamak mümkin. Daşary ýurtlaryň sahna ussatlary tejribe alyşmak maksady bilen teatrymyza yzygiderli çagyrylýar. Muňa mysal edip, G.Lorkanyň “Bernardo Albanyň öýi” atly meşhur eserini teatrymyzda sahnalaşdyran, Türkmenistanyň halk artisti A.Gurbandurdyýewi aýtmak bolar. Onuň özboluşly iş usuly, geçirýän repetissiýalarynda pýesany içgin öwrenişi, seljerişi we onuň üstünde işleýşi hem-de aktýorçylyk ussatlygy boýunça beren sapaklary ýaş režissýorlara tapylgysyz görelde boldy. Şeýle meşhur eserleriň teatryň sahnasynda goýulmagy režissýorlaryň, artistleriň kämilleşmeginde, şeýle hem tomaşaçylaryň sanynyň artmagynda, umuman, teatr sungatynyň ösmeginde uly ähmiýete eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhammedowyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň irginsiz aladalarynyň netijesinde ýurdumyzda teatr sungaty täze galkynyşlar döwrüni başyndan geçirýär. 2020-nji ýylda, teatra ýolbaşçy bolup S.Serbazow geleninden, onuň sahnagorunyň syýasy ugry anyk kesgitlenildi. Ol halkara dostluk-doganlyk, içgin milletara medeni we sungat aragatnaşygyna gönükdirilendir. Ýaşlaryň hünär ussatlygynyň kämilleşmegine-de örän uly ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde teatr ösüş ýoly bilen, öňe aýgytly gadam basýar. Bu teatryň baýry aktýorlarynyň ussatlygynyň hem-de ýaş aktýorlaryň kämillik derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanşyklydyr. Toparda otuzdan gowrak aktýor işleýär. Olardan S.Troiskaýa, S.Kosonogowa Türkmenistanyň at gazanan artisti adyna eýe boldular. Teatryň sahnasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýyl yglan edýän “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijileri O.Wolkowa, K.Ataýew, A.Jumaýewa, A.Pawlow, A.Andronowa, L.Kosonogowa, M.Rogow we T.Öwezmyradowa dagylar öndürijilikli zähmet çekýärler. Toparyň üçden ikisi teatryň studiýasynyň uçurymlaryndan ybarat. Täze-täze oýunlaryň yzygiderli sahnalaşdyrylmagy aktýorlaryň sahnagorunyň baýlaşmagyna, täze keşpleri özleşdirip, tejribelerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Ýaş artistlerimiziň sahna üstünligine diňe bir aşgabatly tomaşaçylarymyz däl, 2008-nji ýylyň noýabr aýynda, teatryň Russiýanyň Moskwa we Mtyşi şäherlerinde bolan gastrolynda, esasan ýaşlarymyzyň gatnaşmagynda taýýarlanan oýunlar russiýaly tomaşaçylar tarapyndan hem diýseň gyzgyn garşylandy. Biziň aktýorymyz A.Pawlow 2009-njy ýylda Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi boldy. Şol ýyl sahnada Pereňliniň keşbini ýatdagalyjylykly, ýüreginden syzdyryp täsirli janlandyryn S.Kiselýowe iň gowy erkek adamyň keşbi üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi atly hormatly baýragy gowşuryldy. Soňky ýyllarda, S.Serbazowyň ýolbaşçylygynda teatryň sahnagory täzelenýär. Ol öz içine ähli ýaşdaky tomaşaçylaryň isleglerini kanagatlandyryp biljek nusgawy eserlerden başlap, häzirkizaman, döwrebap eserlerden döredilen, dürli žanrlardaky oýunlary alýar. Türkmen dramaturglarymyzyň pýesalaryny sahnalaşadyrmaga uly üns berilýär. Bu däp teatryň düýbi tutulandan bäri ýola goýlup gelinýär. Häzirki wagtda bu isleg has-da artdy. B.Abdyllaýewiň “Umytlar nirede döreýär”, A.Taganowyň “Keseki” powesti esasynda G.Daňatarowyň we S.Nepesowyň taýýarlan “Pereňli”, türkmeniň nusgawy şahyry Mollanepesiň adybir dessany esasynda B.Amanow tarapyndan taýýarlanan “Zöhre we Tahyr”, ýene bir nusgawy şahyrymyz Nurmuhammet Andalybyň adybir dessany esasynda G.Daňatarow bilen I.Stolbunowanyň taýýarlan “Ýusup-Züleýha”, А.Рахманов bilen М.Мамметгурбановyň “Ene ýüregi”, O.Wolkowa bilen M.Mämmetgurbanowyň “Türkmeniň bagty”, S.Serbazow bilen M.Mämmetgurbanowyň “Köňül kirişlerim”, türkmen halk ertekileri esasynda taýýarlanan “Böwenjik”, “Hudaýberdiniň başdan geçirenleri”, “Kör garga” atly oýunlar, teatryň ulu ýaşly we körpeje tomaşaçylarymyzyň diýseň göwünlerinden turýar. Toparymyza ussat, tejribeli işgärleriň işe çekilmegi bilen, sahnalaşdyrylýan oýunlarymyzyň hili göz görtele ýokarlandy. Teatryň döredijilik toparynyň nazary hemişekiler ýaly geçmişimiziň ajaýyp däp-dessurlaryna daýanyp, milli sungatymyzyň has-da ösmegine gönükdirilendir.