15.01.2024
15.01.2024 ý 263 okalan sany

ALTYN JÜÝJEJIK

Tilki möjege garry baba bilen mamanyň menekli towugy Rýabanyň ýumurtgalan altyndan ýumurtgasyny alyp, “päk ýol bilen baýamagy” teklip edýär: “Biz ol altyn ýumurtgadan altyn jüýje çykararys. Jüýje ulalar-da Rýaba ýaly altyn towuga öwrüler! Altyn towuk Rýaba bolsa her gün bize altyndan ýumurtga berer. Şeýdibem biz päk ýol bilen baýarys. Hiç bir aldaw-hilesiz garry baba bilen mamanyň özüni ellerinden alarys-da arassa-päk ýaşarys, baýlyk toplarys!” Möjek Tülkiniň teklibi bilen razylaşýar, ýöne altyn ýumurtgany bir özi ogurlamaly we basyrmaly bolýar. Ýumurtgadan jüýjejik çykýar. Möjek jüýjejige diýseň öwrenişýär we onuň üçin aladaçyl, yhasly kaka bolýar. Haçan-da jüýjejigiň towuk däl-de horazdygy, ondan altyndan ýumyrtgalary alyp bolmajakdygy belli bolanynda, tilki meýlini üýtgedýär. Ol jüýjejigi bakyp, semredip iýjek bolýar. Möjek ony halas edýär we jüýjejigi öýüne gaýtaryp berip, garry baba bilen mamanyň, şeýle-de olaryň itleriniň ýanynda işlemäge galmaklygy ýüregine düwýär. KEŞPLER WE OLARY ÝERINE ÝETIRÝÄRLER: Tilki L.Ýemelýanowa Möjek B.Işangulyýew Jüýjejik A.Hommadowa Garry ata M.Ödekow Garry ene S.B.Troiskaýa, A.Pirkuliýewa Gurbagalar R.Çewtaýew, S.Stepanýans