15.01.2024
15.01.2024 ý 279 okalan sany

UÝALAR

Anna öz kiçi gyz jigisi Olgany ýigrenýär. Şeýle bolmagyna-da birnäçe sebäp bar. Gyz jigisiniň şadyýanlygyna, şähdiaçyklygyna, haýsy işiň başyna barsa-da ýeňillik bilen onuň hötdesinden gelibilmegine bolan görüpilmezçilik duýgusy Annany içinden iýip, halys saralyp-soldurdy. Ol öz jigisini öýlerini terk edip gidip, maşgalasynyň goldawydan mahrum bolary ýaly elinden gelenini edýär. Özi bolsa “özüniň islemeýän, kesekiniň durmuşyny ýaşaýar”. Jigisine aşyk bolup gelen ýigidi özüne öýlener ýaly edýär, ejesiniň maslahaty bilen halamasa-da, lukman hünärini ele alýar. Töwerek daşyndaky adamlara, ýagdaýlara baglylyk duýgusy ony öz gününe goýmaýar, durmuşyna awy gatýar. Şeýlelik bilen ýuwaş-ýuwaşdan onuň özündenem, dünýedenem göwni geçýär. Spektakl başga zatlar barada gürrüň berse-de, ýokarda agzalanlar bu sahna oýnunyň sýüžetiniň özeni bolup durýar. KEŞPLER WE OLARY ÝERINE ÝETIRÝÄRLER: Olga A. Zagorodnewa, A. Hommadowa Anna S. Stepanýans Ruhlar A. Balandina, L. Ýemelýanowa