15.01.2024
15.01.2024 ý 270 okalan sany

TÄSIN ADAMLAR

Bu özboluşly, diýseň gülkünç komediýa, salgyt kompaniýasynyň işgäri Fransua bilen neşirýadyň we çaphananyň eýesi Pýeriň başyndan geçen bir täsin we geň güni barada gürrüň berýär. Fransua ýaş däl, baý hem däl, ýöne il arasynda aýdylşy ýaly çagaňky deý arassa kalply, diýseň sada we göwnaçyk adam. Onuň adama zyýany ýok. Iň gowy görýän pişesem ― kükürt çöplerinden meşhur binalary gurmak. Özüniň bu güýmenjesine bütin jany-teni bilen berilýär. Galalary ýa-da köprüleri gurup başlanynda, ol bar zady ýadyndan çykarýar. Hatda şol täsin häsiýeti sebäpli ony aýaly hem terk edýär. Emma Fransua aýalynyň näme üçin beýle edendigine düşünip bilmeýär. Ýene-de bu sahna oýnunda wagtyny nädip geçirjegini bilmeýän baý, gurply adam ― Pýer hem bar. Onuň durmuşy şowly, zenanlar tarapyndan hem gowy görülýär. Ýolbaşçylyk edýän neşirýady bolsa ýene-de şoňa degişli çaphanada örän köp sanawda kitalary neşir edýär. Pýer dostlary bilen Fransuany agşamlyk naharyna çagyrýar. Ýöne şol gün Pýeri aýaly taşlap hidýär, bil agyrysy güýjerleýär, netijede agşamlyk naharyny goýbolsun etmeli bolýar. Pýer bu barada habar bermek üçin Fransua jaň edýär, ýöne ony öýünden tapmaýar. Fransua gelýär. Pýeri beýle gözgyny ýagdaýda görüp, Fransua oňa kömek etmäge synanyşýar. Ýöne näme üçindir bar edeni tersine bolýar, ýagdaý öňküsindenem erbetleşýär. Sahna eseri gaty gowy terjime edilipdir. Ol gyzykly, özüne çekijji we örän gülkünç. Tomaşaçyny başyndan ahyryna çenli bilesigelijilikli gyzyklanma astynda saklaýar. Dartgynly gapma-garşylyklar we soňy garaşylmadyk ýagdaýda tamamlanýar. Sahna eserinde ýagşylygyň ýamanlykdan üstün çykyşy barada aýdylýar. Şeýle-de onda päk ýürekli adamlar elmydama ýeňýärler we başgalara özüňizem düşäýmegiňiz mümki çukury gazmaly däl diýilýär. KEŞPLER WE OLARY ÝERINE ÝETIRÝÄRLER: Pýer ― Kristina A.Hommadowa Arşambo ― Fransua ― Leblan S.Lawin Marlen L.Ýemelýanowa Şewal ―