15.01.2024
15.01.2024 ý 249 okalan sany

ISLEGLERI ÝERINE ÝETIRIJI

Ýaş maşgala Bogdan bilen Marinanyň tersleşmeleriniň arasyny öýlerine öz kärhanalarynyň harydyny hödürlemek üçin duýdansyz gelen, aýlanyp söwda edýän satyjy bozýar. Är-aýalyň birek-biregiň üstüne atýan günälerini diňläp... ol olaryň isleglerini ýerine ýetirýär ― ýagny, wagtlaýyn, göni üç aýlyk olaryň tenleriniň ornuny çalyşýar. Ýan ýoldaşynyň ornunda bolup görensoňlar är-aýal birek-birege has gowy düşünip başlaýarlar. Öz goýberen hatalaryny bilýärler. Spektaklymyza çenden artyk talapkär nazar bilen seretmersiňiz diýip umyt edýäris. Sebäbi biziň bu spektaklymyz komediýa, özem fantastiki komediýa ahyryn. KEŞPLER WE OLARY ÝERINE ÝETIRÝÄRLER: Islegleri ýerine ýetiriji K. Ataýew, M. Kurbanow Bogdan A. Pawlow Marina A. Jumaýewa, A. Baýramowa Alekseý (dosty) M.Saryýew Nataşa (jorasy) D.Selýuminowa, A.Baýramowa, L.Emelýanowa. Marinanyň aşygy W. Raut