15.01.2024
15.01.2024 ý 270 okalan sany

GYRMYZY PAPAKLYJA GYZ”

Wakalar jadyly tokaýyň gür jümmüşinde bolup geçýär. Hut şol ýerde, gür ýaşyl ýapraklara bürenen şahalaryň astynda hemmä tanyş gyrmyzy papaklyja gyzjagaz enesine gutap eltip bermek üçin barýar. Nusgawy žanr boýunça oňa ýolda ganhor möjek duşmaly. Adaty boşy ýaly ol enesini iýip, burnunyň üstüne köne äýnegi dakyp, enesiniň eşigini geýibem awuna garaşmaly. Emma tomaşaçylarň şaýat boljak wakasy hekaýatçynyň eden beýanyna doly gabat gelmeýär. Tokaýyň jümmüşinden özünden göwni hoş şahyryň goşgulary eşidiler. Bu hot şol enesi bilen agtygyny halas etmeli odun çapýan! Onuň rifmalary ýiti. Emma bu romantik odun çapýana batyrgaýlyk düýbünden ýat. Şeýlelikde, Gyrmyzy papaklyja gyz hemme zady öz eline almaly bolýar. Sahna oýnunda degişmeler köp. Bu sahna oýnunyň aýratynlygy ― interaktiwligidir. Teatra gelen çagalar ýöne bir tomaşaçy bolman, eýsem mekir möjek bilen batyrgaý gyzyň arasyndaky ýomakly jeňe-de gatnaşýarlar. Gyyrmyzy papaklyja gyza eziz enesi bilen odun aýyrýany çal garakçydan halas etmäge-de hut çagalar kömek etmeli. KEŞPLER WE OLARY ÝERINE ÝETIRÝÄRLER: Gyrmyzy papaklyja gyz A.Hommadowa, M.Durdyýewa Enesi D.Annaýew, A.Balandina Möjek M.Nurmuhammedow Odunçy W.Raut