15.01.2024
15.01.2024 ý 257 okalan sany

TÜRKMENIŇ BAGTY

Magtymguly Pyragy, öz ölmez-ýitmez, ajaýyp eserleri bilen, täze türkmen klassiki poeziýasyny esaslandyrmak bilen, öz ene dilini we edebiýatyny has belent derejä göterdi. Indi beýik türkmen şahyrynyň ýaşan zamanasy taryha öwrülip gitdi. Emma şonda-da, Magtymguly Pyragynyň galdyryp giden edebi mirasy şu günki günlerde-de öz ähmiýetini ýitirmeýär. Onuň şygyrlary bizi agzybirlige çagyryp, pikirlerimizi, duýgularymyzy, maksatlarymyzy birikdirýär. Onuň ady, ähli türkmen nesliniň durmuş kerwenininiň ýolgörkezijisidir. “Türkmeniň bagty” sahna oýnunda, beýik şahyryň hem akyldaryň ömri we döredijiligi barada söhebet açylýar. Sahna oýnunyň mazmuny aktual, şu günki günde-de öz ähmiýetini ýitirmeýär. Awtorlar öz eserlerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik şahyr barada aýdan sözlerinden, beýan eden pikirlerinden ruhlanyp, ylham aldylar. Şahyryň goşgulary sahna oýnunyň başyndan tä soňuna çenli tomaşaçynyň ýanyna hemra bolup, ony beýik şahyryň, parasatly dananayň täsin dünýäsi bilen tanyş edýär. Oňa ony has ýakyndan tanamaga kömek berýär. Režissýory O.Wolkowa KEŞPLER WE OLARY ÝERINE ÝETIRÝÄRLER: Magtymguly А.Pawlow Azady М.Rogow Meňli А.Jumaýewa Ejesi T.Öwezmyradowa Obaly aýal L.Kosonogowa Obanyň gyzlary А.Andronowa, А.Hommadowa, А.Nazarowa Şewal R.Nurumow Magtymgulynyň dostlary К.Ataýew, М.Kustodow Şirgazy medresäniň mollasy S.Lawin Welmyrat aga М.Saryýew Ata M.Gurbanow Begmyrat ― Welmyradyň aýaly А.Pirgulyýewa KÖPÇÜLIK SAHNALARYNDA: D.Selýuminowa, L.Ýemelýanowa, А.Zagorodnewa, М.Nurmuhammedow, R.Çewtaýew