15.01.2024
15.01.2024 ý 263 okalan sany

BIZ HÖKMAN DUŞUŞARYS”

Pýesa ýazyjy Atajan Taganyň “Keseki” powesti esasynda ýazyldy. Onda 19-njy asyrda fransiýaly kartograf Žorž de Blokwiliň başdan geçirmeleri beýän edilýär. Ol hywa hanynyň türkmenleriň üstüne eden çozuşynda yzyna satmak maksady bilen ýesir alynýar. Ilkibaşdaky ýesir bilen ýesir alanlaryň arasyndaky duşmançylyk garaýyşlar dura-bara aradan aýrylyp, kem-kem dostluga öwrülýär. Oňa Blokwiliň guýa gaçan bir oglanjygy ölümden halas etmegi esas bolýar. Eden ýagşlygy, bilimi üçin il arasynda oňa hormat bilen “molla” diýip ýüzlenilip başlanýar. Onuň adyny hormatlap täze bolan bäbege “Pereňli” diýip at berýärler. Blokwil türkmen halkynyň dilini, däbini, edim-gylymyny, durmuşa garaýyşlaryny öwrendigiçe bu gumuň içinde erkin ýaşap ýören millete hormaty, sylagy artýar. Spektaklyň soňunda Blokwili azatlyga goýberenlerinde türkmenler onuň bilen “Biz hökman duşuşarys” diýýärler. Muňa tolgunan Blokwilem “Elbetde, biz duşuşarys” diýip jogap berýär. Spektakl halklary dostluga, parahatlyga ündemek barada. Režissýory A.Rahmanow KEŞPLER WE OLARY ÝERINE ÝETIRÝÄRLER: Blokwil ― Mämmedöwez pälwan ― Ojar A.Pawlow Nabat A.Jumaýewa Akjemal ― Tylla L.Ýemelýanowa Şirin A.Andronowa Dursun daýza L.Kosonogowa Agajan S.Lawin Annagül S.Troiskaýa Myrat ― KÖPÇÜLIK SAHNALARYNDA: A.Nazarowa, L.Ýemelýanowa, D.Selýuminowa