15.01.2024
15.01.2024 ý 298 okalan sany

BURATINONYŇ BAŞDAN GEÇIRENLERI

A.Tolstoýyň çagalar üçin ýazan bu belli ertekisi bir täsin oglanjyk barada gidýär. Ol oglanjygy ýalňyz Karlo kaka odun böleginden ýonup ýasaýar. Megerem Karlo kaka ogly Buratinony ýasan wagty oňa nähili howply synaglaryň garaşýandygyny gümanam eden däldir. Garakçylar tilki Alisa bilen pişik Bazilio Buratinony talamak üçin birnäçe gezek synanyşýarlar. Emma Buratino ähli synaglardan üstün çykýar. Ol hatda gurjak teatrynyň hojaýyny, zalym Karabas Barabasy aldap, altyn açarjyga-da eýe bolýar. Ol açar bilen bir gizlin gapyny açyp bolýandygyny bilýär. Buratino ol gizlin gapyny tapyp açýar-da, öz täze dostlary bilen gurjak teatrynyň eýesi bolýarlar. Spektakl dostluk barada. Režissýory N.Laukert KEŞPLER WE OLARY ÝERINE ÝETIRÝÄRLER: Buratino A.Jumaýewa Karlo kaka K.Ataýew Karabas-Barabas W.Raut, M.Saryýew Malwina A.Andronowa Pýero E.Çewtaýew Artemon ― Arlekino S.Lawin Duremar ― Tilki Alisa ― Pişik Bazilio ― Alaka Şuşera D.Selýuminowa Pyşbaga Tortila ― Garbanyşhananyň hojaýyny ―