15.01.2024
15.01.2024 ý 267 okalan sany

HUDAÝBERDINIŇ BAŞDAN GEÇIRENLERI

Bu erteki adybir türkmen halk ertekisi esasynda goýuldy. Mekir tilki, özüni adamlar bilen döwleriň arasynda araçy diýip yglan edýär-de, bagban Hudaýberdiden paç alyp başlaýar. Hudaýberdi bu gümürtik meseläniň aňyrsyna ýetmekligi ýüregine düwýär-de, döwleriň arasyna ýola rowana bolýar. Gazaply, gorkunç, emma akmak döwler Hudaýberdiniň gurnan alyna düşýärler. Özlerinden güýçli saýyp, ynanjaň döwler gorkujyklaryna Hudaýberdä altyn berýärler. Arzuwyna ýeten Hudaýberdi yzyna, öýüne dolanýar. Altynlaryny aljak bolan tilkiniňem gowy edip temmisini berýär. Spektakl ugurtapyjylyk bilen öz ejizligiňi ýeňip geçip bolýandygy barada. Režissýory A.Rahmanow KEŞPLER WE OLARY ÝERINE ÝETIRÝÄRLER: Hudaýberdi M.Kurbanow Hudaýberdiniň aýaly A.Andronowa Tilki A.Balandina Uly döw M. Rogow Ortanjy döw M. Saryýew Körpe döw S. Lawin