15.01.2024
15.01.2024 ý 245 okalan sany

NAÝBAŞY ÝIGIT

Paweliň ejesi, ýaşlykda it ýaransoň, ömürboýy itden gorkýar. Uly bolsun, kiçi bolsun, tapawudy ýok, it gördügi özüni ýitirip başlaýar. Pawel ejesini gaty gowy görensoň oňa dynç alyş merkezine ýollamanama alyp, özüni bejertmäge iberýär. Ejesi gidenindenem goňşy gyz Sweta özüniň gyssagly bir ýere gitmeli bolandygyny, kiçijik güjüjegini goýmaga adam ýokdugyny aýdyp, ondan gelýänçä itine seretmegio haýyş edýär. Pawel boýun almajak bolsa-da, Sweta onuň şu wagt ejesiniň öülerinde ýokdugyny aýdyp, özelenýär. Pawel razylyk berýär. Şondan soňam monjuga düzülen ýaly gyzykly wakalar yzly-yzyna Paweliň başyndan geçip başlaýar. Sebäbi onuň ejesi wagtyndan öz dynç alyş merkezinden gaýdyp gelýär. Spektakl söýgi, maşgala agzybirligi barada Režissýory A.Berdyýew KEŞPLER WE OLARY ÝERINE ÝETIRÝÄRLER: Pawel K. Ataýew. Maksimow (onuň ejesi) T.Öwezmyradowa Telegina L. Kosonogowa Wera L. Ýemelýanowa Sweta (goňşy zenan) D. Selýuminowa, A. Hommadowa