15.01.2024
15.01.2024 ý 262 okalan sany

PÄK WE GÜNÄLI

Afişalarda sahna oýnunyň žanry köplenç “ulular üçin erteki” hökmünde bellendi. Ondaky waka 1980-nji ýyllarda bolup geçýär. Baş gahryman santehnik Kuzma Tudyşkin ― garyp we ejiz adam. Birdenem ol ägirt uly baýlyga eýe bolýar. Baş gahrymany we onuň maşgalasyny görlüp-eşidilmedik islegdir hyjuwlar ejir baryny berip başlaýar. Tudyşkiniň öňünde saýlamak meselesi ýüze çykýar. Ol ýa-ha ahlak ýörelgelerinden dänip ogurlyk etmeli ýa-da ýakynlarynynyň zyýanyna gidip “ogurlyk etme” diýen dini wesýete eýermeli. Komediýada Ylahy we şeýtan ýörelgeleri Hudaýyň we azgyn Mefistofeliň ― Fedýa daýnyň keşbinde öz beýanyny tapýar. Olaryň bir-ä baş gahrymany erbetliklerden saklajak bolýar, beýlekisi bolsa ony azdyrjak bolup her zat edýär. Şeýlelik bilen, Tudyşkin ― päk bolsaň gowumy ýa-da günäli diýen soraga jogap tapjak dyrjaşýar. Režissýory N.Laukert KEŞPLER WE OLARY ÝERINE ÝETIRÝÄRLER: Tudyşkin Kuzma M.Rogow Daşa (onuň aýaly) S. B. Troiskaýa Liza (onuň gyzy) A. Andronowa Sergeý Ştuçkin (Lizanyň adamsy) M. Saryýew Fedýa, on že Mefistofel K. Ataýew Tumançikow Boris S. Lawin Tumançikowa Elwira, (Onuň aýaly) D. Selýuminowa, L. Ýemelýanowa Şeýtanjyk A. Nazarowa