15.01.2024
15.01.2024 ý 256 okalan sany

PROSTOKWAŞINALY ÜÇLER”

Fýodor daýy lakamly, öz başyny çaraýan, çaga bolsa-da uly adam ýaly düşünjeli, akylly-başly, “Muržilka” žurnalyny okaýan bir oglanjyk ýaşaýar eken. Ol Matroskin atly öýsiz bir pişik bilen tanyşýar-da, haýwanlary diýseň gowy görýänligi sebäpli ony öýlerine, ýaşamaga çagyrýar. Emma ene-atasy öýleriniň içinde guýrukly, tüýli biriniň ýaşamagy barada diňlemegem islemändirler. Şeýlelikde, Fýodor daýy öz täze dosty bilen Prostokwaşino diýlen oba gitmeli bolýar. Ol ýerde olar Şarik atly it bilen tanyşýarlar. Şarik täze tanyşlaryna obalaryndaky boş jaýy görkezýär. Şeýdibem bi üç dostuň her hili gyzykly başdan geçirmelerden doly durmuşlary başlanýar. Režissýory N.Laukert KEŞPLER WE OLARY ÝERINE ÝETIRÝÄRLER: Fýodor daýy A.Hommadowa Pişik Matroskin ― Şarik M.Nurmuhammedow Hat-pet gatnadýan Peçkin ― Çaga zakyja R.Çewtaýew