15.01.2024
15.01.2024 ý 262 okalan sany

ATSYZ ÝYLDYZ

Meşhur rumyn dramaturgy Mihail Sebastiýanyň “Atsyz ýyldyz” sahna eseri romantik komediýa žanrynda ýazylan. Sahna oýnunyň gahrymanlarynyň buýsanç bilen geçýän garaşylmadyk wakalaryny şeýle kesgitläp bolar. Bu wakada hem bar zat gülkünç bolup görnerdi, ýöne sahna oýnunyň soňy sizi durmuş, bagyt we mydama ugrunda ylganylýan baýlyk barada çynlakaý pikirlenmäge mejbur edýär. Sahna eseri ýiti dialoglayr we gülküli durmuşy ýagdaýlaryna baýlygy bilen tapawutlanýar. Göräýmägäe onuň awtory töweregini gurşaýan dünýä ýeňillik bilen seredýänem ýaly, ýöne şol bir wagtyň özünde ol onuň şahyranalygyny hem-de çuňlugyny duýýar. Ol öz gahrymanlaryna aýdyň, ýiti häsiýetler we gepe çeperliligi berýär. Baş gahrymanyň, merkezden gaty uzakda bir ýerlerde mugallymçylyk edýän hakyky romantigiň durmuşyna aladasyz, gurply, şol bir wagtyň özünde-de şagalaňdyr keýpi-sapadan ybarat bolan ýeňil durmuşyndan halys ýadap, indem ondan gaçjak bolýan owadan nätanyş zenan kürsäp girýär. Bu ýaş romantic onuň üçin diýseň gyzykly. Ol onuň üçin tümlükde ajaýyp ýol görkezýän şöhle. Bu iki ýaş juwan bir-birine aşyk bolýar. Emma... Emma rehimsiz we ýokary gatlagyň köne durmuş, ýene-de zenany öwrenşenje ýodasyna dolap getirýär. Režissýory N.A.Laukert KEŞPLER WE OLARY ÝERINE ÝETIRÝÄRLER: Nätanyş zenan A.Jumaýewa Mugallym M.Kustodow Grig M.Rogow Hanym Kuku A.Andronow Udrýa ― Demirýol meziliniň başlygy W.Raut Pasku ― Ikim K.Gurbanow Okuwçy gyz A.Nazarowa Konduktor ― Daýhan R.Çewtaýew Goňşular ―