24.01.2024
24.01.2024 ý 264 okalan sany

ALADDIN WE JADYLY ÇYRA

Tikinçi Süleýman ibn Dawudyň ogly ýaş Aladdin, bir gün tötänlikde beýik soltan Ahmet ibn Rahmediň gyzy, şazada Leýlini görüp, oňa aşyk bolýar. Ajaýyp şazada gyz Leýili hem görmegeý ýigit Aladdini halaýar. Emma soltanyň weziri, Magrebli jadygöý, agsak, küýki we bir gözli Bagraf hem şazada gyza öýlenmekisleýär. Oňa öýlenibem, dünýäniň hökümdary bolasy gelýär. Onuň islegini eşidip,soltan Ahmet ibn Rahmet onuň üstünden gülýär. Gahar-gazaba münen Bagraf jadygöýlige ýüz urýar. Ol Aladdiniň kömegi bilen jadyly çyra eýe bolmaklygy ýüregine düwýär. Emma onuň bu niýeti başa barmaýar. Içi çäksiz güýçli jynly çyra Aladdin eýe bolýar. Jynyň kömegi bilen Aladdin soltanyň ynamyna girýär we şazada gyza öýlenmäge onuň razylygyny alýar. Emma Bahram hile bilem çyra eýe bolýar-da, ýurduň häkimliginem ele alyp, eger razy bolmasa kakasyny öldürjek diýip gorkusyp, Lelä öýlenmekçi bolýar. Ýöne hemme zat gowulyk bilen tamamlanýar. Ýagşy ýamandan üstün çykýar. Aşyk-magşuklar maksat-myratlaryna ýetýärler we ýer ýüzünde parahatlyk höküm sürýär. Režissýory B.Garajaýew KEŞPLER WE OLARY ÝERINE ÝETIRÝÄRLER: Aladdin K.Ataýew Žasmin A.Jumaýewa Soltan S.Lawin Jafar ― Jyn ― Sakçylaryň reýsi M.Nurmuhammedow Fransuz şazadasy M.Rogow Türk şasy ― KÖPÇÜLIK SAHNALARYNDA: D.Selýuminowa, L.Ýemelýanowa, A.Balandina, A.Baýramowa, A.Hommadowa, W.Raut, R.Çewtaýew, Ş.Daňatarow