24.01.2024
24.01.2024 ý 308 okalan sany

KÜLÇE 03.02.2024 12:00

Spektakl adybir rus halk ertekisi esasynda goýuldy. 03.02.2024 12:00 Garry baba ajygyp turýar-da kempirinden iýer ýaly bir zatjagaz taýýarlamagy haýyş edýär. Kempirem syprasyny gazalap-gazalap un ýygnaýar-da ondan külçe bişirip, garry baba berýär. Emma garry baba ol külçäni iýip, garnyn doýurmakmiýesser etmeýär. Külçe garry babanyň, onuň kempiriniňem gözüne çöp atyp gaçyp gidýär. Şondan soň Külçejigiň başdan geçirmeleri başlanýar. Ony iýjek bolup towşanjygam, möjegem, aýy hem synanyşýar. Mekirje külçä olardan sypmak başardýar. Emma hilegär tilkiden welin ol gaçyp gutulyp bilmeýär. Ýöne, tilki hem külçäni iýip, hezil edip bilmeýär. Onuň garnyndaky Külçe her hili oýunlar edip, tilkiniň özüni ahyry çydaman garnyndan çykarmaga mejbur edýär. Şol wagt hem gaçyran Külçelerini gözläp ýören garry baba bilen onuň kempiri gelýär. Olar Külçäni görüp, diýseň begenýärler. Ony öz agtyklary ýaly gowy görüp saklajakdyklaryny, ony iýmek barada aslapikir hem etmeýändiklerini aýdyp, Külçäni öýlerine alyp gidýärler. Şeýdip Külçäniň täsin başdan geçirmeleri tamam bolýar. Spektakl kiçi ýaşly çagalar üçin.