14.02.2024
14.02.2024 ý 271 okalan sany

NAÝBAŞY TOWŞAN

KEŞPLER WE OLARY ÝERINE ÝETIRÝÄRLER: Naýbaşy towşan A.Nazarowa, M.Durdyýewa Tilki D. Selýuminowa, M.Durdyýewa Möjek B.Işangulyýew Ajaýyp Ýaşyl tokaýda garagol haýwanlar ― ýowuz we ynsapsyz gylyk-häsiýetleri lyk bilen daş-töweregindäkileriň hemmesini gorkuzyp, möjek we tilki peýda bolýar. Ýöne olary diňe naýbaşy gahryman garşy durup, täzeden terbiýeläp bilerdi. Ine. şol naýbaşy gahrymanam adaty bir towşan bolup çykýar. Bu ýerde esasy zat towşanyň karate uruş tälimini ýokary derejede ele alanlygynda däldi, esasy zat onuň adatdan daşary akyl ukybydy. Ine, baş gahryman öz aklynyň, ugurtapyjylygynyň we batyrlygynyň kömegi bilen ol biedep bezzatlaryň etjek bolýan ýaramaz işleri hiç ugruna bolmaýar, gaýta özleri dürli gülkünç ýagdaýlara düşýärler. Döwrebap, şadyýan aýdym-sazly erteki körpe tomaşaçylara adalatlylygy, dogruçyllygy, başgalara hormat goýmagy we tebigaty aýamagy öwredýär. Bu çagalar sahna oýnunda köp aýdymdyr tanslar, gülkidir şatlyk köp.